BILIM

Türkiýäniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkiýäniň Dașary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary ișler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelip, institutyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda wekiliýet türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň alyp barýan iși bilen içgin tanyşdylar.

Soňra wekiliýet institutda hereket edýän Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, Hindi burçy, “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, şeýle-de institutyň okuw studiýasyna aýlandylar.

Türkiýäniň Dașary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu sapary iki doganlyk halkyň arasynda alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmekde uly orun eýelär.

Related posts

«Açyk gapylar»: Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Türkiýede Magtymguly hakynda ýene bir dissertasiýa goraldy

Abdullah Eren türkmen uniwersitetlerinde duşuşyklar geçirdi