JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky ha­ýyr-sa­ha­wat gaznasynyň baýdagy döredildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­sy­nyň­ baý­da­gy­ döredildi. «Arkadag» gazetiniň gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli neşir edilen şu günki ýörite baýramçylyk sanynda ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­sy­nyň­ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary çap edildi.

Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sahawat­ gaz­na­sy­nyň­ baý­da­gy­nyň teswiri we görnüşiniň nusgasy tassyklandy.

Kararda onuň ýerine ýetirilişine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sahawat­ gaznasynyň do­lan­dyryş­ iş­le­ri­ bo­ýun­ça ýe­ri­ne­ ýe­ti­ri­ji­ di­rek­to­ry­ —­ wi­se-prezidenti R.Ba­za­rowyň ­we­ gaz­na­nyň­ Iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň gözeg­çi­lik­ etmelidigi bellenilýär. ­

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ha­ýyr-sa­ha­wat­ gaz­na­synyň baýdagynyň teswiri we görnüşiniň nusgasy bilen «Arkadag» gazetiniň şu çap edilen sanyndan tanşyp bilersiňiz.

Related posts

Gyzylarbat etrabyna täze häkim bellendi

Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri Germaniýada tanyşdyrylar

Enerji Şartı Konferansı Forumu Aşkabat’ta Başladı

vepa