JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň taýsyz tagallalary bilen döwletara dialogynyň ýokary derejesine uly kanagatlanma bildirdiler.

Taraplar BMG we ÝB çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan ýakyn wagtda Samarkantda geçiriljek Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi birinji sammitiniň taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady