JEMGYÝET

Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça 2021-nji ýylyň 30-njy maýynda ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada awiakompaniýanyň Russiýadaky şahamçasynyň “VKontakte” jemgyýetçilik torundaky hasabynda bellenilip geçilýär.

Şol beýanatda hususan-da şeýle diýilýär.

Bu uçar sapary boýunça orunlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa ş) Baş konsullygynyň sanawy boýunça berilýär. Eger Siz Konsullykdan şol uçar gatnawynyň sanawyna goşulandygyňyz barada bildiriş alan bolsaňyz, onda Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde bilet almak üçin avia@itmgroup.ru elektron salgysyna ýa-da +79119300080 telefon belgisine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýaris. Eger sizde ýatyrylan gatnaw üçin Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde alnan bilen bar bolsa, onda-da avia@itmgroup.ru saýty boýunça ýüz tutup bilersiňiz.

Türkmenistanyň çäklerinde satyn alnan biletleriň alyş-çalşygy Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Saýtymyzda habar berşimiz ýaly, 28-nji maýda “Türkhowaýollary” kompaniýasy Stambul-Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy hem-de “S7” awiakompaniýasy Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawy amala aşyrdy.

THY ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar

Türkmenistandan Russiýa 13-nji ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy

Hytaý kompaniýasy Amyderýanyň sag kenarynda 190 milliard kubmetr tebigy gaz öndürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Din Sýuesýany kabul etdi

Din Sýuesýan: Türkmenistan bilen gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Türkmenistan Hytaýa 462 milliard kubmetr tebigy gaz eksport etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý 5 ýyllyk hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişdi

Ata Watan Eserleri