Hormatly Prezidentimiziň hepdäniň düşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren nobatdaky iş maslahatynyň barşynda welaýatlarda 26-njy martda gowaça ekişine dabaraly başlamak bilen bagly aýdanlaryndan ruhlanan welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişdiler.
Ýere bereket tohumyny sepmek üçin il sylagly ýaşulularymyz hem gelipdirler. Olar gowaça ekişine «Bismilla» bilen başlap berýärler. Ýaşulular daýhançylyk däp-dessurlarynyň dabaraly berjaý edilişine hem işjeň gatnaşýarlar. Bereket tohumy topraga sepilip başlanda döreýän tolgundyryjy pursatlary hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Kalplarda peýda bolýan üýtgeşik bir ruhubelentlik ýer eýeleriniň gursaklaryndaky bol hasyla bolan ynamlaryny has-da berkidýär. Il sylagly ýaşulularymyzyň «Her bir tohumyň müňlesin!» diýen keramatly sözleri batly ýaňlanýar. Şondan soň ekiş geçiriji tehnikalar işe girişdiler.
Şu ýyl Lebap welaýatynda 130 müň gektar meýdanda gowaça hasylynyň 320 müň tonnasyny ýygnap, döwlete tabşyrmagy maksat edinilýär.
Bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 145 müň gektara gowaça ekilip, ondan 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Balkan welaýatynda ekiş möwsüminiň dowamynda 13 müň gektarda gowaça ekip, ondan 16 müň tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinilýär we ýer eýelerine «CASE-340» hem-de «John Deere-6175» kysymly ekiji tehnikalaryň 30-sy hyzmat eder.
Mary welaýatynda işjanly pagtaçylarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bereketli hasyly üçin 162 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky sogaply işiniň başy başlanyldy.
Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda sanly ulgam esasynda dolandyrylýan «Monosem» kysymly gowaça ekijileriň birnäçesi satyn alyndy. Takyk gowaça ekijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini hem bellemek gerek.