DÜNÝÄ

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Russiýa Federasiýasy 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda diplomatik wezipe borçlaryny tamamlan ilçi Anatoliý Antonowdan soňra ABŞ-a täze ilçi belledi. Şunuň bilen baglanyşykly Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin degişli karara gol çekdi.

– Darçiýew Aleksandr Nikitiçi Russiýanyň Federasiýasynyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we şol bir wagtda Russiýanyň Federasiýasynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherindäki Amerikan döwletleri guramasynyň ýanyndkay hemişelik synçysy wezipesine bellemeli – diýip, Russiýanyň hukuk maglumatlary portalynda çap edilen resminamada bellenilip geçilýär.

Amerika tarapy 27-nji fewralda Stambul şäherinde geçirilen rus-amerikan geňeşmelerinde Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk Atlantika departamentiniň direktory Aleksandr Darçiýewiň täze ilçi bellenmek babatdaky razylyk hatyny beripdi.

Aleksandr Darçiýew 2005-2010-nji ýyllarda Russiýanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň geňeşçisi, 2014-2021-nji ýyllarda Russiýanyň Kanadadaky ilçisi wezipelerinde işledi.

Related posts

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Singapuryň Prezidentini gutladylar

Özbegistanda ilat ýazuwynyň ikinji tapgyry başlaýar