SPORT

Çempionlar ligasy: “Inter”, “Bawariýa”, “Barselona” we “Liewrpul” ýeňiş gazandy

2024/2025 möwsüminde Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň soňky dört duşuşyklarynyň birinji oýunlary geçirildi.

«Inter» myhmançylykda «Feýenoordy» ynamly 2:0 hasabynda ýeňdi.

Germaniýanyň 2 ägirdi – «Bawariýa» bilen «Baýeriň» arasyndaky nemes derbisinde bolsa, “Bawariýa” 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşykda iňlis hüjümçi Garri Keýn 2 gezek tapawutlandy.

«Barselona», «Benfika» bilen oýnuň köp wagtynda bir oýunçy kem oýnasa-da ýeňiş gazanmagy başardy. Rafinýanyň ýeke-täk goly “Barselona” ýeňiş getirdi.

«Liwerpul» myhmançylykda «Pari-Sen-Žermenden» üstün çykdy. Bu oýunda Alisson gahryman yglan edildi. Umuman, duşuşykda başdan aýagyna çenli Fransiýanyň “PSŽ” topary oýnady, 20-den gowrak derweze dürs ugry geçirdi. Angliýanyň “Liwerpuly” bolsa, 2 gezek fransuzlaryň derwezesine dürs urgy geçirdi we şolaryň biri gol bilen tamamlandy. Şeýlelikde, myhmanlar duşuşuygyň ahyrlap barýan pursatynda Elliotyň goly bilen haýran galdyryjy oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.

Bu oýunlaryň jogap duşuşyklary 11-nji martda geçiriler.

Ýene-de okaň

1/8 finala çykan ilkinji ýygyndy Kanada boldy

Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlaryna 999 futbolçy gatnaşdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalynyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň nobatdaky rekordy

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy