SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp baý maýadarlara 5 million dollara raýatlyk ýoluny açýan “altyn kart” wizasy hödürlejekdigini aýtdy. Bu täzemaksatnama soňky 35 ýyl bäri ulanylýan maýadarlara berilýän wiza maksatnamasynyň ornuny tutar.

Tramp Ak Tamda eden çykyşynda: “Olar baý, üstünlikli bolarlar, köp pul harçlarlar, köp salgyt tölerler we köp adamy iş bilen üpjün ederler. Biz munuň örän üstünlikli boljagyna ynanýarys” diýdi.

Täze “Trump Gold Card” EB-5 wizasynyň ornuny tutar

ABŞ-nyň söwda ministri Goward Latnik täze wizanyň iki hepdäniň içinde EB-5 maksatnamasynyň ýerine giriziljekdigini aýtdy. 1990-njy ýylda Kongres tarapyndan döredilen EB-5 maksatnamasy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin niýetlenipdi. Bu makstanama laýyklykda, daşary ýurtly maýadarlar azyndan 1 million dollar maýa goýup, 10 adamy iş bilen üpjün etmelidi.

Latnigiň aýtmagyna görä, “altyn karta” esasan ýaşyl karta (hemişelik ýaşamak hukugy) bolup, EB-5 bilen baglanyşykly galplyklary aradan aýyrmaga gönükdiriler. Şonuň bilen birlikde, bu maksatnama raýatlyk almagyň ýoluny hem açar.

ABŞ-da maýadar wizalarynyň täsiri

Içeri Howpsuzlyk departamentiniň migrasiýa statistikasynyň soňky hasabatyna görä, 2022-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli 12 aýyň dowamynda takmynan 8000 adam EB-5 maýadar wizasyny aldy. Kongres Içerki barlag gullugynyň 2021-nji ýyldaky hasabatynda bu wizanyň galplyk töwekgelçiligini öz içine alýandygy, aýratyn-da maýa goýum serişdeleriniň kanuny çeşmeleriniň dogry tassyklanylmagynyň mesele bolup galýandygy aýdylýar.

Related posts

ÝUNISEF Türkmenistana lukmanlar üçin şahsy gorag serişdelerini getirdi

Ata Watan Eserleri

Russiýa Belarus bilen awiagatnawlaryň sanyny artdyrmakçy

BAE-den Marsa ylmy syýahat

Ata Watan Eserleri