SPORT

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji martda badalga alar

4-nji martda  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş eder.

Futbol çempionatymyzyň birinji hem-de ikinji aýlawlarynyň duşuşyklary 2025-nji ýylyň 4-nji marty bilen 22-nji iýuny aralygynda dowam eder. Üçünji we dördünji aýlawyň duşuşyklary futbol çempionatynyň ikinji ýarymynda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, geçen möwsüm “Arkadag” toparynyň çempionlygy bilen tamamlanypdy. “Ahal” topary ikinji, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary  bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular.

 2025-nji ýylyň Ýokary liga futbol klublarynyň arasyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň Çempionatyna we Kubogyna gatnaşýan toparlar:

1. “ARKADAG” futbol kluby Arkadag şäheri
2. “Ahal” futbol kluby hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Änew şäheri
3. “Altyn Asyr” futbol kluby hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäheri
4. “Şagadam” futbol kluby Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri
5. “Merw” bedenterbiýe-sport futbol kluby Mary welaýatynyň Mary şäheri
6. “Aşgabat futbol kluby”

hojalyk jemgyýeti

Aşgabat şäheri
7. “Nebitçi” futbol kluby Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri
8. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky “Köpetdag” sport toplumynyň “Köpetdag” futbol kluby Aşgabat şäheri

Ýene-de okaň

Küşt­çü­le­ri­miziň Şri-Lankadaky üs­tün­li­gi

Aşgabatda küşt bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy geçiriler

Kewin De Bruýne “Napoli” topary bilen şertnama baglaşdy

Sane “Bawariýadan” “Galatasaraýa” geçýär

Ýamal dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy

Ronaldoly Portugaliýa Milletler ligasynyň kubogyny gazandy