DÜNÝÄ

«Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Parlamentara Dialogynyň 8-nji mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropa Parlamentiniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen birlikde myhmanlar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek, gender deňligi, ýaşlar syýasaty, ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň başlygy Juzi Prinçi we wekiliýet agzalary öz gezeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna daýanyp hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen ýola goýan hyzmatdaşlygyna, adam hukuklaryna hormat goýmak, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologiýa, daşky gurşawyň goralmagyny üpjün etmek, energetika howpsuzlyny, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berýändiklerini beýan etdiler.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmekde, şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda, özara tejribe alyşmagy giňeltmekde, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde we hil taýdan täze derejä çykarmakda ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklaryň, geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny bellediler.

Duşuşykda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.

Türkmen tarapy «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» bilelikdäki komitetiniň we «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň» Parlamentara Dialogynyň alyp barýan işiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şeýle hem ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýetini belläp geçdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda soňky wagtda gazanylan ylalaşyklaryň, dürli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän parlament wekilleriniň duşuşyklaryny hem-de okuw maslahatlaryny yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini bellediler.

Ýene-de okaň

Italiýanyň Prezidentine Türkmenistanyň çakylygy gowşuryldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti «Anytkabyr» aramgähine gül goýdular

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrar

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa üçin täze ýörite wekil belledi

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri duşuşar

Germaniýada täze hökümet düzülermi?