DÜNÝÄ

Germaniýada täze hökümet düzülermi?

Germaniýada “Bundestag” milli parlamentiň wagtyndna öň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlarda Hristian-demokatrik we Hristian-sosial geňeşiň topary ýeňiş gazandy. bu topar sesleriň 28,6 göterimine eýe boldy. Bu toparyň dalaşgäri Fridrih Mers ýurduň täze federal kansleri bolup biler.

Saýlawlarda ikinji orny “Germaniýa üçin alternatiwa” partiýays eýeläp, bu partiýa öz taryhynda ilkinji gezke şelýe üstünlik gazandy. Olar sesleriň 20.8 göterime eýe boldy.

Ýurduň häzirki Federal Kansleri Olaf Şolsuň ýolbaşçylygyndaky Sosial-demokratik partiýasy bolsa 3-nji orny eýeläp, sesleriň 16.4 göterimini gazandy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji partiýanyň sesleriň örän azalandygyny we taryhynda ilkinji gezek pes görkezijä eýe bolandygy bellenilýär.

Şeýle hem saýlawlarda “Ýaşyllar” we “Çep” partiýasy degişlilikde 11.6 we 8.8 göterim ses aldy.
Täze parlamentde HDS/HSS topary 208 orun gazandy. Sosial-demokratik partiýasy bolsa 121 orun gazanyp bildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary