DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Hytaýyň ýolbaşçylaryna iberen resmi çakylyklary gowşuryldy

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşler hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça depginli ösýändigini we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde kesgitleýji orny eýeleýändigini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geçen ýylda ýeten esasy sepgitleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

P.Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini aýtdy. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.

Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taraplaryň taýýardyklary mälim edildi.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär