JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampa gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda uçar heläkçiligi boldy. Harby dikuçar bilen ýolagçy uçarynyň çaknyşmagy esasynda heläkçilik bolup geçdi we bu waka köp sanly adam pidalaryna getirdi.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranda saparda bolýar

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Aýda ekilen pagta doňdy

vepa