SPORT

Halkara Olimpiýa komitetiniň nobatdaky ýolbaşçysy kim bolar?

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy wezipesine 7 dalaşgär bolup, olar Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde guramanyň 143-nji mejlisinde özleriniň maksatnamalary bilen çykyş ederler.

Guramanyň ýolbaşçysy saýlamak işi 20-nji martda Gresiýada geçiriler we täze ýolbaşçy iýun aýynyň ahyrynda Tomas Bahyň ornuna geçer.

Bu wezipe üçin Sebastýan Kou (Beýik Britaniýa), Kirsti Kowentri (Zimbabwe), Huan Antonio Samaranç-kiçisi (Ispaniýa), Feýsal al-Huseýn (Irodaniýa), Dawid Lapartýan (Fransiýa), Morinari Watanabe (Ýaponiýa) we Ýohan Eliaş (Beýik Britaniýa) dalaş edýär.

Al-Huseýn häzirki wagtda Halkara Olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girýär. Dawid Lapartýan Halkara welosipedçiler bileleşiginiň ýolbaşçysy bolup dur.

Huan Antonio Samaranç-kiçisi Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti. Kirsti Kowentri suwda ýüzmek boýunça olimpiýa çempiony. Morinari Watanabe Halkara gimnastika federasiýanyň başlygy. Sebastýan Kou Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasyna başlyklyk edýär.

71 ýaşyndaky Tomas Bah 2013-njji ýyldna bäri sportuň bu iri guramasyna ýolbaşçylyk edýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy