DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktory, Sportuň suwdaky görnüşleri boýunça bütindünýä guramasynyň prezidenti Huseýn Al-Musallamy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň sporty ösdürmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berýändigini belledi. Şeýle hem ol Olimpiýa hereketini ösdürmäge, halkara derejeli türgenleri ýetişdirmäge berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş direktoryny mähirli mübärekläp, onuň saparynyň Türkmenistan bilen bu düzümiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Söhbetdeşler Türkmenistanda sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sportuň bu görnüşleri dünýäde giňden ýaýrandyr we jemgyýetde berk bedenli, sagdyn şahsyýetleri ýetişdirmäge ýardam berýär.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Merkezi Aziýa döwletleri Russiýanyň iň ýakyn hyzmatdaşy

Ilkinji ýokary derejeli “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi