JEMGYÝET

“Galkynyş” topary Monte-Karlodaky halkara sirk festiwalynda altyn baýraga mynasyp boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalynda üstünlikli çykyş edip,  altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň dünýä derejesine çykandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Şu ýylyň 19-20-ji ýanwarynda Monako Knýazlygynda saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Nissa şäheriniň halkara howa menzilinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň wekilleri bilen gutlap, Monte-Karloda Türkmenistanyň ýaşyl Tuguny belende galdyrandyklaryny belledi.

Monte-Karlodaky 47-nji halkara sirk festiwaly şa gyzy Stefaniýanyň howandarlygynda geçirilýär. Bu festiwalyň çäklerinde onuň ýeňijileri yglan edildi.

Festiwalyň ilkinji 3 gününiň dowamynda festiwalyň baş baýraklary gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary uly üstünlige eýe bolup, altyn medala eýe boldy.

Türkmen jigitleri ahalteke bedewleri bilen dürli çylşyrymly we täsin çykyşlary ýerine ýetirip, festiwalyň öňdebaryjysy boldy we biragyzdan 5 baýraga mynasyp boldy.

Şeýle hem türkmen jigitleri tomaşaçylaryň göwnünden turup, bu ugurda hem degişli baýraga mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar