DÜNÝÄ

Kanada Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler hem-de milli Parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Kristofer Dagganyň (oturýan ýeri Astana şäheri) arasynda duşuşyk geçirdi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy