Birleşen Milletler Guramasynyň baş binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalda berildi. Bu başlangyç döwletleriň arasynda dialogyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
BMG-niň Täzelikler merkeziniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň gurnan çäresine BMG-niň ýokary derejeli wekilleri, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miraslow Ýença we Baş Assambleýanyň Başlygy Filemon Ýang gatnaşdy.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliň orunbasary Ata Eýeberdiýew çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belledi we üstümizdäki ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2 gezek 1995-nji we 2005-nji ýyllarda ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýylynyň bellenýändigini belledi.
– Soňky üç onýyllykda bitaraplyga ygrarly bolmak bilen parahatçylygyň, ynanyşmagyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine goşant goşuldy – diýip, türkmen diplomaty aýtdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde 86 döwletiň goldamagynda 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilipdi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde köp sanly halkara derejesindäki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem türkmen diplomaty 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak boýunça hlkara forumyň guralmagyndan buýsanç duýýandyklaryny belledi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny goldadylar.