SPORT

Türkmenistan we Belgiýanyň futbol wekilleriniň onlaýn duşuşygy

2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň we Belgiýa Patyşalygynyň Futbol Assosiasiýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň esasy ugry BPFA-nyň baý tejribesini ulanyp, biziň ýurdumyzda tälimçilik bilimini artdyrmaga hem-de çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmäge bagyşlanyldy.

Taraplar TFF-niň wekiliýetiniň Belgiýa futbolynyň işleriniň gurluşyny hem-de ýaş zehinleri ýetişdirmegiň metodikasyny öwrenmek maksady bilen BPFA sapar guramagy meýilleşdirdiler.

Related posts

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

«CAFA Futsal Cup-2023»: Türkmenistan Özbegistan bilen duşuşar

Federiko Kieza “Liwerpulda” oýnar

Ata Watan Eserleri