SPORT

Ispaniýanyň naýbaşysy – “Barselona”

Düýn gije Saud Arabystanynyň “King Abdulla” stadionynda Ispaniýanyň Superkubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. Onda ispan ägirtleri – “Barselona” bilen “Real Madrid” toparlary duşuşdy.

2025-nji ýylyň ilkinji “El-Klasiko” duşuşygynda “”Barselona” topary esasy garşydaşy “Realy” uly hasap bilen, ýagny 5:2 hasabynda utup, 15-nji gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Bu rekord.

Duşuşyga çalt girişen “Real Madrid” topary fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe bilen 5-nji minutda hasbay açdy. Ýöne ruhdan düşmedik katalonlar 22-nji minutda Lamin Ýamal, 36-njy minutda Robert Lewandowski, 39-njy we 48-nji minutda Rafinýa, 45-nji minutda Balde bilen hasaby 5:1-e ýetirdi.

“Realyň” ikinji goluny 60-njy minutda Rodrigo geçirdi. Şol wagtda “Barselonanyň” derwezeçisi Şesny Woýseh gyzyl  kart alyp oýundan çykaryldy.

Şeýlelikde, “Barselona” bu kubogy 15-nji gezek gazandy we rekord goýdy. “Real Madridiň” 13 kubogy bar.

2024-nji ýyldan bäri “Barselona” toparyna tälim berýän german hünärmen Hans-Diter Flik bu topar bilen ilkinji kubogyny gazandy.

Related posts

Leonardo Bonuççi “Fenerbahçe” toparynda oýnar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri kikboksing boýunça Dünýä kubogynda 14 medal gazandy

Çempionlar ligasynyň iň owadan goly