SPORT

Göreşde 5 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgen

Kubaly türgen Mihain Lopes grek-rim göreşinde 130 kg agramda çykyş edip, Olimpiýa çempiony boldy. Onuň Pariž Olimpiadasynda gazanan altyn medaly, Olimpiýa oýunlaryndaky 5-nji çempionlygy boldy.

Finalda çilili türgen Ýasmani akostany ýeňmegi başaran kubaly türgen Mihain Lopes gazanan üstünligi bilen göreş sportynyň taryhynda 5 gezek Olimpiýa çempiony bolan ilkinji türgen boldy.

Pariž Olimpiadasy bilen professional sport karýerasyny tamamlan Lopes 41 ýaşynda. Ol Olimpiýa oýunlarynyň iň köp medal gazanan türgenleriniň biridir. Ol gatnaşan 5 Olimpiýa oýunlaryny altyn medal bilen tamamlady.

Şeýle hem ol 2005-nji, 2007-nji, 2009-njy, 2010-njy we 2014-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatynyň we 2005-nji, 2006-njy we 2009-njy ýyllarda geçirilen dünýä Kubogy ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türgendir. 

Related posts

UEFA Çempionlar ligasynyň bijeleri çekildi

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi

Abramowiç türk toparyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär