SPORT

Futbol dünýäsiniň ägirdi Pele aradan çykdy

Dünýäniň futbol dünýäsiniň ägirdi Pele 82 ýaşynda aradan çykdy. Birnäçe gün öň dünýä metbugatyna salgylanyň Peläniň ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky habary size ýetiripdik. Ol  Sao-Paolo şäheridäki Albert Eýnşteýn adyndaky hassahanada bejergi alýardy.

Pele düwmük keseline garşy göreşýärdi. Şeýle hem ol böwrek we ýürek keselleri zerarly ejir çekýärdi.

Peläniň gyzy Keli Nasçimento üstümizdäki ýylda kakasynyň Täze ýyl baýramçylygyny öýünde belläp bilmejekdigini mälim edipdi. Pele 2021-nji ýylda hem hassahanada bejergi alyp, içegelerinden düwnük keseliniň döremeleri üçin operasiýa edilipdi.

Futbolyň ägirdi hasaplanýan Pele 3 gezek dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr. Ol 1958-nji, 1962-nji we 1970-nji ýyllarda Braziliýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolupdy.

 

Peläniň ýagdaýy erbetleşdi

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy