Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. Keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak boýunça öňdebaryjy usullary we innowasion tejribeleri işe ornaşdyrmakda gowy netijeler gazanyldy.
Lukman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Bu täze kitap diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadyr.
Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli bolup, ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda bu kitaplarda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.
Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi. Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň dürli görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň derman senagaty kärhanalary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli gymmatly ensiklopediki eserinden ugur alnyp, buýanyň kökünden şypaly melhemlik önümleriň onlarçasy taýýarlanylýar.
Arassalanan buýan köki, buýan kökli gök çaý, buýan köki, buýan köküniň şerbedi we buýan ekstraktynyň gerdejikleri halk köpçüliginiň arasynda has köp ulanylýan bu melhemlikler aşgazan-içege, dem alyş ulgamlarynyň kesellerinde ulanmak üçin niýetlenendir. Olaryň bedeni berkidiji, çişleri gaýtaryjy, gakylygy gopduryjy, agyryny aýryjy, ýarany bitiriji täsiri bardyr.
Şypaly melhemlikleri taýýarlamak üçin buýanyň köki bilen ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär. Derman senagatynda çig mal hökmünde buýanyň köki has köp ulanylýar. Onuň himiki düzüminiň takmynan 6%-ni glisirizin emele getirýär. Düzüminde bu maddadan başga flawonoidler, efir ýaglary, steroidler, С witamini, dubil maddalar, sakyz, krahmal saklanýar.
Ýeri gelende bellemeli: buýanyň köki diňe bir resmi lukmançylykda däl-de eýsem, halk lukmançylygynda hem gadym wagtdan bäri ulanylyp gelnipdir. Bu melhemlik üsgülewükde, demrewde, demgysmada, allergiýada hem-de iç gatamada giňden peýdalanylypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, tutuş adamzadyň sagdyn we abadan durmuşy ugrunda amala aşyrýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza hemişe rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny hem-de jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan eserleriniň dowamat-dowam bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Jahan Ahmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.