SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerini hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň ilkinji sahypalaryny açyp, okamak bilen başladyk. Şunuň özi-de bu ýylymyzyň rysgal-berekediniň, şowlulygynyň hem-de gowulygynyň goşa-goşadan geljekdiginiň buşlugydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby häli-häzire çenli Magtymguly Pyragy hakda ýazylan kitaplaryň iň kämilleriniň biridir. Onuň şu temada ýazylan beýleki kitaplardan düýpli tapawutlanýan birnäçe aýratynlyklary bar. Iň esasysy-da, ol täze-täze düşünjeler bilen Magtymgulynyň dünýäsine aralaşmaga ýolbelet bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Şu wagta çenli Magtymguly Pyragy hakda juda köp zatlar aýdylan hem bolsa, ol hakda indi aýdylmaly zatlaryň welin has köpdügini ykrar etmelidiris» diýip ýazýar. Döwlet Baştutanymyz täze eseriniň dowamynda öňe sürýän parasatly pikir-garaýyşlary bilen hem bize ussat Pyraga çuňňur düşünmegiň ýollaryny öwredýär. Kitapda her pikir aýratyn bir dür dänesi ýaly gymmatly hem ähmiýetli. Üstesine-de, şol pikirler biri-biriniň üstüni ýetirip duran yzygiderlilikde, sazlaşykda beýan edilipdir. Kitapda Magtymguly Pyragy hakyndaky göwherden gymmatly ylmy garaýyşlar bir sapaga düzülýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz baý many-mazmunly, 8 bölümden ybarat bolan täze kitabynda halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljek nesillere ýetirmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin söhbet açýar. Täze kitapda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we edebi mirasyna möhüm orun degişlidir. Beýik söz ussadynyň eserleri tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda, halklaryň arasynda agzybirligi berkitmekde aýratyn ähmiýete eýedir diýip çykyş edenler bellediler. Ýokary çap usulynda neşir edilen täze kitabyň türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirilmegi täze eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Geçen ýyl beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden dabaralandyrylmagy akyldar şahyryň edebi mirasynyň halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýubileý sene mynasybetli ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda, şol sanda daşary ýurtlarda hem wajyp ähmiýetli çäreleriň 170-e golaýy geçirildi. Üstünlikli tamamlanan ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly çapdan çykan täze kitabyny halkymyz söz ussadynyň hormatyna sözden ýapylan serpaý, Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly dürdäne şygrynyň logiki dowamy hökmünde kabul etdi. Bu kitapda Magtymguly Pyragynyň agzybirlige, dost-doganlyga, birek-biregi ýürekden hormatlamagy ündeýän, pelsepewi ündewlerine gulak goýup, her bir işde ondan sapak almaga, nesihatlaryna eýermäge we oňatlyga tarap özgermäge çagyryş bar.

Hormatly Prezidentimiziň kitabynda şu jümleler has aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Magtymguly Pyragynyň eserlerine çuňňur düşünmegiň ýene bir açary il-günüňe, halkyňa bolan hormat-sylag, mähir-söýgi bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki aryf şahyrymyzyň goşgularynda türkmen ruhy ýaşaýar.

Magtymgula kybap bolmak herbap bolmakdyr, döwrebap bolmakdyr.

Magtymgula düşünmek üçin Magtymgulynyň döwrüne düşünmäge çalyşmaly.

Magtymgula düşünmek üçin halkyňy söýmeli!

Magtymgula düşünmek üçin Watanyňy söýmeli!

Magtymgula düşünmek üçin barlygy söýmeli!

Alladurdy Lollykow, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy

Magtymguly Pyragy – parahatçylyk şahyry

Ata Watan Eserleri