JEMGYÝET

Ýaşlar telekeçilik boýunça tölegsiz okuwlara çagyrylýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy ýaşlar telekeçiligi ösdürmek boýunça maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.

Maksatnamanyň maksady – ýaşlara öz telekeçilik işlerini üstünlikli açmak we ösdürmek üçin zerur bolan telekeçilik boýunça amaly bilimleri we başarnyklary bermekden ybarat. Maksatnama Türkmenistanda ýaşlar telekeçiligini ösdürmegine ýardam bermege gönükdirilen.

Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar telekeçilik işiniň esaslary, biznes ideýany işläp düzmek, biznes-meýilnamalaşdyrylyş, marketing we satuwlar, telekeçiligiň hukuk esaslary, maliýe meýilnamalaşdyrylyşy we menejment ýaly temalary öz içine alýan nazary we amaly sapaklary sazlaşykly birleşdirýän telekeçilik boýunça okuwlary geçerler. Şeýle hem, gatnaşyjylar milli maslahatçylardan we tejribeli telekeçilerden maslahatlary alarlar. Maksatnama USAID-iň YDA taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Telekeçiler mekdebi” JBK-sy bilen bilelikde guraljak biznez taslamalarynyň bäsleşigi bilen tamamlanar. Gatnaşyjylar okuw döwründe işläp düzen biznes taslamalaryny hödürlärler we bu bolsa bäsleşigiň netijesinde iň gowy biznes ideýalary ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. Bäsleşigiň ýeňijileri öz biznes taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halypaçylyk kömegini, maýa goýum mümkinçiliklerini ýa-da beýleki goldawy alyp bilerler.

Maksatnama “Telekeçiler mekdebi” JBK-nyň şahamçalarynyň binýadynda Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda amala aşyrylar.

Maksatnama 2025-nji ýylyň fewral-aprel aralygynda amala aşyrylar.

Maksatnama telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän 18-28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşyp bilerler

Maksatnamana gatnaşyjylar bäsleşik esasynda kesgitlener.

Maksatnama gatnaşmak tölegsiz.

Maksatnama gatnaşmak üçin 2025-nji ýanwar aýynyň 30-na sagat 14:00 çenli şu aşakda görkezilen link boýunça anketany dolduryp ýüz tutup bilersiňiz: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf1G0MaRZ33ap0nYXxpiWYcXJgxdBCYqvz8YwjYhWS6uY5xjw/viewform

Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: hatabayev@q2impact.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi