JEMGYÝET

Rafael Nadal öýlendi

Dünýäniň iň güýçli tennsçileriniň arasynda ikinji orny eýeleýän, «Uly tuwulgalaryň» 19-synyň ýeňijisi Rafael Nadal 19-njy oktýabrda Mariýa Fransisko Parello bilen durmuş gurdy.

33 ýaşly tennisçi 31 ýaşly Mariýa bilen eýýäm 14 ýyl bäri aragatnaşyk saklaýar. Meşhur tennisçiniň toýy Ispaniýanyň Maýorka şäherinde boldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýapyk halda geçirilen toýa 350-ä ýakyn myhman gatnaşdy. Myhmanlaryň arasynda Ispaniýanyň ozalky karoly Huan Karlos we Sofiýa, meşhur ispan tennisçileri Karlos Moýa, Dawid Ferrer, Felisýano Lopes, Huan Monako, Mark Lopes we beýlekiler bar.

Related posts

Guterreş: ulag pudagyny özalky ösüşine getirmek üçin bilelikde işlemeli

Ata Watan Eserleri

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda işlemäge isleg bildirýän raýatlarynyň islegleri kanagatlandyrylar

Ata Watan Eserleri