DÜNÝÄ

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda BMG Baş Assambleýasy “BMG-niň kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasyny” kabul etdi.

Jemgyýetleri sanly howplardan goramaga gönükdirilen bu global şertnama, BMG-a agza ýurtlaryň 5 ýyllap eden tagallalarynyň netijesidir.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu konwensiýany “soňky 20 ýylda maslahatlaşylan ilkinji halkara şertnama” diýip atlandyrdy we ähli döwletleri oňa goşulmaga çagyrdy.

BMG kiberjenaýatçylyga garşy konwensiýasy täze asyryň konwensiýasy hasaplanýar.

Related posts

Malaýziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi