DÜNÝÄ

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçiriler

Şu ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu halkara maslahaty barada hasabat berildi.

Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyny geçirmek başlangyjy öňe sürüldi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnama bilen bu başlangyç berkildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bu forumy geçirmek göz öňünde tutulýar.

BMG-niň ugurdaş düzümleri bilen geçirilen geňeşmeleriň netijesinde, onuň maksatnamasynyň deslapky tapgyry ylalaşyldy.

Şu güne çenli 25 döwletiň we halakara guramalaryň 16-synyň wekilleriniň bu foruma gatnaşjakdyklary baradaky tassyklaýyş hatlary gelip gowuşdy.

 

Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasyly tabşyryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda boldy

Türkmenistan bilen Pakistan uçar gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Azerbaýjan Bütindünýä daşky gurşaw gününe taýýarlanýar