SIZDEN GELENLER

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Adamzat swilizasiýasynyň irki döwürlerinden bäri dowam etdirilýän birnäçe däp-dessurlar, edim-gylymlar bar. Şolaryň biri-de salamlaşmak edebidir. Salamlaşmak – bu birek-birege saglyk arzuw etmekdir. Salamlaşmak hormat-sylagdan nyşandyr. Ol edep-ekramyň baş görkezijisidir, salam – edepliligiň, adamkärçiligiň ýaranydyr. Türkmençilikde salamlaşmagyň hem özboluşly edebi bar. Bizde kiçiniň ula salam bermekligi ezeldendir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu özboluşly sungaty biziň günlerimize sünnäläp getirmek bilen, nesil dowamatyna salamlaşmak edebini çagalykdan başlap aňyna guýupdyrlar.

Türkmen döwletiniň güllemegini, halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyny döwlet işiniň baş maksadyna öwren hormatly Prezidentimize ýaş nesilleriň ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolmagy baradaky çuňňur aladasy üçin ýürek hoşallygymyz, alkyşymyz çäksizdir. Watanparaz, ahlak taýdan päk, dogruçyl we ygrarly perzentler her bir maşgalanyň abraýy, Watanyň mertebesi saýylýar.

«Agzy salamly – köňli kelamly» diýen atalarymyz mamla. Tüýs ýürekden göwnaçyklyk bilen salamlaşmak, duz dadyrmak agzybirlikdendir. Salamlaşmagyň bolsa usuly kän, baş atmak, elleşmek, egnine kakmak, söz bilen salamlaşmak… «Salamy uly başlamalymy ýa-da ýaşy kiçi», «Törde oturan adama gapydan soň gelen salam bermelimi ýa-da öýde oturan?» ýa-da bolmasa, «Nätanyş adam bilen salamlaşmak zerurmy?» diýen soraglary eşitmek bolýar. Elbetde, türkmen edebinde salamy ýaşy kiçi ula, gapydan soň giren törde oturana, nätanyşam bolsa Taňry salamyny bermek adat edilen. Salamlylyk edepliligiň, ýagşy niýetliligiň alamatydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda paýhas ummanyndan salam barada birnäçe nakyllary aýdyp geçsek sözümiziň hasam ýerine düşdügi bolar. «Salamsyz girene uýat, jogapsyz – çykana», «Salamyň nähili bolsa, jogabyň hem şonuň ýaly», «Bir gören tanyş, iki gören garyndaş». Bu kitapdaky nakyllar birek-biregi söýmegiň, ula hormat goýmagyň, kiçini sylamagyň, dost-doganlyk, garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamagyň, edep-ekramdyr ahlaklylygyň ylham çeşmesidir.

Görşümiz ýaly, milli mirasymyz ähli döwürlerde we ähli eýýamlarda bolşy ýaly, biziň günlerimizde hem adamlary dostlaşdyrmagyny dowam edýär, kalba — ynam, köňle — ylham paýlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halk hakydasynda müdimilik orun alan milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň egsilmez ruhy güýjüne hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik tutumly işleriň amala aşyrylýandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle ajaýyp ýörelgäni dowam edip, türkmen halkyny bir başa jem eden, däp-dessurlarymyza we milli mirasymyza, edim-gylymlarymyza giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.

Salamlaşmak däbiniň taryhy gaty uzaklardan başlanýar. Ol öz üstünden dürli taryhy döwürleri geçiripdir. Salamlaşmak edebiniň ähmiýeti ýaşuly neslimiz tarapyndan ýaş nesillerimize eýýäm çagalykdan başlap öwredilipdir. Paýhasly ata-babalarymyz bu dessury ýitirmän, şu günlere çenli ýetiripdirler. Salamlaşmak edebine halk döredijiliginde hem aýratyn orun berlipdir. Muňa ýazyjydyr şahyrlarymyzyň döredijiligindäki many-mazmunly jümleler aýdyň mysaldyr. Salam berlende we alnanda ol mähir bilen ýürekden aýdylyp, iki tarapyň hem mertebesi deň-derejede hormatlanmalydyr.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Pihamberguly Muhammetgeldiýew,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Akylly» şäher: täze baýraklaryň eýesi