SIZDEN GELENLER

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dana şahyr Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. Türkmen edebiýatynyň göwher gaşy Pyragynyň çeper döredijiligine degişli, çuň many-mazmuna eýe bolan medeni mirasymyz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Söz ussadynyň eserlerinde türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlyk we watansöýüjilik şahyrana beýan edilýär.

Häzirki wagtda Pyragynyň goşgulary dünýäniň birnäçe dillerinde terjime edildi. Bu bolsa şahyryň eserleriniň diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygyny görkezýär.

Şahyryň ýiti galamyndan dörän pähim-paýhas parçalaryny, halkymyza miras goýan edebi eserleri gözüň göreji deýin goralmaga, içgin öwrenilmäge hem-de Ýer ýüzüne ýaýylmaga mynasypdyr. Söz mülküniň şasy Pyragynyň dürdäne setirleri, paýhasly jümleleri halk içinde dilden-dile geçip, il-günüň içinde aýdyma-saza öwrülip ýaşaýar.

Döreden şygyrlary bilen döwürleriň içinden geçmek başarnygyna eýe bolan akyldar Watan mertebesini nesillere dabaralandyrmagy başarypdyr. Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy.

Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumadamzat şahyryna öwren zat — onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan oýlanmalarydyr. Akyldar şahyr:

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr

— diýmek bilen, özüniň mukaddes türkmen topragynda kemal tapandygyny buýsanç bilen belleýär.

 Beýik söz ussady Watan mertebesini dabaralandyrýan goşgularynyň üsti bilen ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge çagyrýar, adamlaryň kalbynda dogduk Diýaryna bolan mizemez we mukaddes söýgini kemala getirýär. Dana Pyragy «Ýol bile» atly goşgusynda:

Göz, göwün, dil, akyl — galdy bu dördi,
Jan Watan arzuwlap, turdy ýel bile

— diýmek bilen, Watan gözelliginiň, mukaddesliginiň we ezizliginiň ynsan kalbynda hemişelik ýaşaýandygyny nygtaýar.

Aslynda, şahyryň islendik şygrynyň diýen ýaly pelsepewi garaýşynda öz Watanyňy söýmek, duz iýen topragyňa wepaly bolup, ony gözüň göreji deýin goramak, il-günüň bilen bir jan-ten bolmak ýaly pikirleriň eriş-argaç bolup geçmegi ony halkyň ýüreginde ýaşadýan hakykatyň özüdir. Watan, ýurt, dogduk depe, il-halk, bitewülik baradaky setirleriniň hemmesi akyldar şahyryň döwlet bolmak arzuwlarynyň beýanydyr.

Şahyryň ýiti galamyndan dörän pähim-paýhas parçalaryny, halkymyza miras goýan edebi eserleri gözüň göreji deýin goralmaga, içgin öwrenilmäge hem-de Ýer ýüzüne ýaýylmaga mynasypdyr. Söz mülküniň şasy Pyragynyň dürdäne setirleri, paýhasly jümleleri halk içinde dilden-dile geçip, il-günüň içinde aýdyma-saza öwrülip ýaşaýar.

Köpetdagyň gerşinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina edilmegi, şahyra goýulýan çäksiz hormatyň nyşany. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň:

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne,
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň alyjenaby, Magtymguly Pyragy —

diýen ajaýyp goşgy setirleri hem aýdyň tassyklaýar.

Halkynyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik akyldar nesillere çuňňur pähim-paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp edebi mirasy galdyrdy. Pyragynyň zehininden syzylyp çykan eserleriniň ählisi ýaşlar üçin görelde we terbiýe mekdebidir.

Goý, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, aýdyň maksatly, belent tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Orazmuhammet Owganow, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Akylly» şäher: täze baýraklaryň eýesi

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri