SIZDEN GELENLER

«Hakyda göwheri» – baý medeni mirasymyzyň waspçysy

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly we buýsançly wakalarynyň birine öwrüldi. Çünki halkymyzda kitap ruhy hazyna, bahasyz gymmatlyk hasaplanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sözi bilen aýtsak, «Kitap — her bir şahsyýet üçin ruhy kämillige barýan ýolda zerur bolan gymmatlyk bolup durýar».

Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň astyndan çykan kitaplar ulus-ilimiziň durmuş we döredijilik şamçyragy, ýol-ýörelgesi bolup hyzmat edip gelýär. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby bolsa şol gymmatly eserleriň üstüni ýetirmek bilen, halkymyzda egsilmez ruhubelentlik duýgusyny döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan baý many-mazmunly kitaplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin gymmatly hazyna bolup, ulus-ilimiziň ýankitabyna öwrüldi. Şol ajaýyp eserleriň üstüniň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen ýetirilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy­medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.

Girişden we iki bapdan ybarat bolan ajaýyp eserde türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandyna uly orun berilýär. Onda umumadamzat taryhynyň ösüşlerine oňaýly täsir eden kuwwatly türkmen döwletleri bolan Margiana, Parfiýa, Beýik Seljuk siwilizasiýalary baradaky bitirilen düýpli işler seljerilip, bu sanawyň Gadymy Änew medeniýetiniň gazanan beýik sepgitleriniň maglumatlary bilen baýlaşdyrylmagy, täze kitabyň taryhy-jemgyýetçilik ähmiýetini has hem ýokarlandyrypdyr.

Bu mukaddes ýerlerden başlanyp, türkmeniň uly taryhynyň dowamynda gülläp ösen halk lukmançylygy, halyçylyk, dokmaçylyk, binagärlik, zergärçilik senetleri boýunça toplanan baý tejribeleriň anyk we düýpli arheologiki maglumatlar arkaly beýan edilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň beýik döwletdigini ylmy taýdan açyp görkezýär. Eziz Diýarymyzyň gadymy taryhynyň baý maglumatlary esasynda ýazylan bu kitapda umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda uly orun alýan halkymyzyň taryhy, tebigy we ýazuw ýadygärlikleri, maddy we ruhy gymmatlyklary barada hem giňden söhbet edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilendigine üns çekmegi, bu mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderine Gutlagyny ibermegi hem bu eseriň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda uly gyzyklanma eýedigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby «Giriş» bölüminden, «Taryha syýahat» hem-de «Ruhy miras» atly iki bapdan ybaratdyr. Kitabyň birinji babynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň edilýär. Birinji bap jemi bäş bölümden ybarat bolup, olar «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri» we «Horezmşalar döwleti» diýlip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz täze kitapda taryhymyz baradaky garaýyşlarydyr pikirlerini anyk maglumatlaryň üsti bilen, täsirli beýan edipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby Türkmenistanyň taryhy geçmişini, şu gününi, geljegini beýan etmekde, dünýä halklaryny baý hem-de köptaraply türkmen medeniýeti, sungaty we ýaşaýyş-durmuşy bilen tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu şadiwany türkmen halkynyň milli mirasyny goramakda, ony geljek nesillere ýetirmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Milli Liderimiz bu kitabynda türkmen taryhy barada täzeçil ylmy garaýyşlaryny beýan edýär. Bu kitabyň Magtymguly Pyragynyň şanly ýubileý ýylynda halka gowuşmagy hem özboluşly mana eýedir. Beýik Pyragynyň şygyr setirleriniň köpüsi durmuş hakykatyny beýan edýändigi üçin halkyň arasynda nakyla öwrülip gidipdir. Hakykatdan-da, şahyryň ruhy dünýäňe nur çaýýan goşgularyny okadygyňça, okasyň gelýär. Magtymgulynyň şygyrlarynyň birleşdiriji güýji üstünden asyrlar geçse-de ynsanlary dostlaşdyrmagyny dowam etdirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligi taryhy çuň bilmegiň we ata-babalarymyzyň paýhasyny şu günki meseleleri çözmekde ulanmak ukybynyň seýrek sazlaşdyrylmasy bolup durýar. Milli Liderimiz taryhy maglumatlary diňe bir öwrenmek we ulgamlaşdyrmak bilen çäklenmän, häzirki zaman dünýäsine akyl ýetirmegiň syryny hem salgy berýär. Şeýle sazlaşyk, öz nobatynda, Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň girewidir. Galyberse-de, taryhy öwrenmäge bu çemeleşme milli aňyýetiň we watansöýüjiligiň kemala gelmeginde täsirli guraldyr.

Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny hakynda pikir ýöredýär. Gahryman Arkadagymyzyň zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä okyjylarynda hem uly gyzyklanma döredýär, olar dürli dillere terjime edilip, türkmen halky barada ähmiýetli gollanma öwrülýär. Milli Liderimiziň mundan beýläk-de galamynyň ujunyň ýiti, ajaýyp kitaplarynyň sanynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Aýbölek Gurbanowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri