DÜNÝÄ

Namibiýanyň ilkinji zenan prezidenti

Afrikanyň Namibiýa döwletiniň taryhynda ilkinji zenan prezident boldy. Noýabr aýynyň ahyrynda geçirilen saýlawlarda wise-prezident Netumbo Nandi-Ndaitwa ýeňiş gazanyp, sesleriň 58.07 göterimine eýe boldy.

Nandi-Ndaitwa ýurduň häzirki Prezidenti Nangolo Mbumbanyň ornuna geçer. Ol 2024-nji ýylyň fewralyndan bäri prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirip gelýärdi. Ýurduň taryhynda prezident wezipsini bary-ýogy 4 adam alyp bardy.

Täze saýlanan prezident Netumbo Nandi-Ndaitwa 1952-nji ýylda doguldy we 1970-nji ýylda SSSR-de bilim aldy. Ol öz zähmet ýolunda dürli döwlet wezipelerinde işledi we parlamentiň deputaty boldy. 2024-nji ýylyň fewral aýyndna bäri Namibiýanyň wise-prezidenti wezipesini alyp barýar.

Prezident saýlawlaryna 15 dalaşgär gatnaşdy we ikinji orny eýelän Panduleni Itula sesleriň 25.8 göterimibe eýe boldy.

Namibiýa Günorta Afrikada ýerleşýän ýurt. 1990-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzasy boldy we 1995-nji ýylda Bütindünýä söwda guramasynyň düzümine goşuldy.

1890-njy ýyldan Birinji Jahan urşuna çenli German Günorta-Günbatar Afrika döwleti hökmünde atlandyrylýardy, soňra Günorta-Günbatar Afrika diýlip atlandyryldy. 1968-nji ýylyň 12-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýaysnyň kararnamasy bilen Namibiýa diýlip atlandyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar

Tokaýew: Prezident Tramp adyndaky baýragy döretmegi teklip etdi