SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Italiýanyň Rim şäherinde ýerleşýän Kolosseý arheologik seýilgähi, 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Göbeklitepe: Mukaddes Topragyñ Syry» atly serginiň açylandygyny habar berýär. Sergi Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän dünýäniñ ıñ gadymy we jadylaýjy arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry – 2025-nji ýylyň 2-nji marty aralygynda öz işini dowam etdirer.

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kolosseýde geçirilen serginiñ açylyş dabarasyna görnükli wekiller gatnaşdy. Açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazgy we Kolosseýiň Arheologiki seýilgähiniň müdiri Alfonsina Russo, halkara medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp geçdiler.

11 müñ ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwri bilen senelenilýän Göbeklidepe, adamzadyň guran iň gadymy ýadygärlik gurluşy hasaplanýar. Göbeklidepe – ýygnaýjylyk we awçylyk taýpadan oturymly ekerançylyga geçişe, adamzat taryhyna bolan garaýşymyza öz şuglasyny saçdy. Onuň syrly nyşanlary, şeýle hem haýwan şekilleri bilen oýulan “T şekilli” sütünleri, irki adamzat siwilizasiýalaryñ we däp-dessurlaryñ çylşyrymlylygyna şaýatlyk edýär.

«Göbeklitepe we onuñ degişli bolup durýan Daş depeler sebiti, adamzadyň döreden ilkinji ýadygärlikler toplumy bolup durýar. Bu sebit özüniñ özboluşly desglary bilen adamzat taryhynyň iň ähmiýetli  özgerişlerinden biri bolan oturymly durmuşyň başlanmagyna şaýatlyk edýär. Sebitiň käbir tapyndylaryny meşhur Kolosseýde sergilemekden hoşallyk duýýarys. Adamzadyň taryhy mirasyny wagyz etmek we gorap saklamak baradaky pikirleri üçin ıtalýan kärdeşlerimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn» – diýip, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazgy öz çykyşynda belledi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Rimdäki Türkiýe Ilçihanasy, şeýle hem Alfonsina Russo, Roberta Alteri, Daniele Fortuna we Federika Rinaldi ýaly italýan we halkara hünärmenler topary tarapyndan guralan we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde hem geçirilýän multimediýa sergisi bu ýere gelýänleri özüni wakalaryň jümmüşinde ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, myhmanlar sergidäki eksponatlardan daşary wirtual syýahat arkaly 2018-nji ýylda UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Göbeklitepe barada goşmaça maglumat alyp bilerler.

Bu başlangyç dünýädäki arheologiki mirasy gorap saklamak barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara medeni dabaralaryň biri bolup durýar.

 

Ýene-de okaň

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy