SIZDEN GELENLER

Türkmenistan-TÜRKSOÝ: köpugurly hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dunýäniň ençeme döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şol sanda halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Şeýle guramalaryň biri hem Türki medeniýetiň halkara guramasydyr (TÜRKSOÝ).

Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasy, türki dünýäniň ýurtlary bilen gatnaşyklary, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär, üstesine, bu ýurtlary gadymy dost-doganlyk ýörelgeleri, taryhy-medeni kökler, hoşniýetli däpler birleşdirýär.

Türkmenistan netijeli halkara gatnaşyklary ilerletmekde medeni diplomatiýa uly ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda medeni we ylmy taýdan işjeň gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridir. Döwletara medeni gatnaşyklary has-da ösdürmekde Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda wekiliýetleriň hem-de döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän medeni çäreler, hususan-da, ylmy forumlar, konsertler, teatr oýunlarynyň we kinolaryň görkezilişi, sergiler, simpoziumlar möhüm ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda olaryň mazmuny baýlaşyp, geografiýasy giňeldi.

Ýurdumyz TÜRKSOÝ bilen ykjam aragatnaşyk saklaýar, türki dilli döwletler bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2024-nji ýylyň bu gurama tarapyndan «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi şol gatnaşyklaryň oňyn netijesidir.

Häzir türki dünýäde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk senesi şanly waka hökmünde möhüm orun eýeleýär. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, türki dilli döwletlerde ençeme ylmy-medeni çäreler geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň 2014-nji ýyly «Magtymgulynyň ýyly» diýip yglan edendigini hem ýakymly waka hökmünd eýatlamak bolar.

Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. 2015-nji ýylda bu hormatly derejä Mary şäheri eýe bolupdy. Änew ýadygärlikleri açyk asmanyň astyndaky ajaýyp muzeýdir, taryhy-medeni gymmatlyklara baý bolan gadymy mekandyr.

Medeniýet ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler, şol sanda ÝUNESKO we TÜRKSOÝ ýaly abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar medeniýeti aýawly saklamaga, ösdürmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz hem-de Arkadagly Serdarymyz diňe bir möhüm medeni taslamalara badalga bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň amala aşyrylmagyna-da goldaw berýärler.

TÜRKSOÝ tarapyndan bellenilýän şanly seneler, ýagny 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi  mynasybetli şu ýylda 40-dan gowrak dürli çäreler geçirildi.

Bu babatda mart aýynda geçirilen 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar, şeýle hem şähere berilen hormatly derejä laýyklykda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy, oktýabr aýynda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, I Türki dünýäsiniň şekillendiriş sungaty biennalesi, muzeý ýolbaşçylarynyň her ýylky duşuşygy we TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň duşuşygy, şeýle hem «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly has möhüm çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.

Şu ýylyň 16-njy noýabrynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirilmegi Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ guramasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da ýokary derejelere çykarylandygynyň aýdyň subtunamasyna öwrüldi.

Uman, Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti eýe bolýar.

Türkmen medeniýeti dünýäde giňden wagyz etmek babatda medeni diplomatiýanynyň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.

Geç­miş ta­ry­hy­my­za çuň­ňur sar­pa go­ýup, hal­ky­my­zy nu­ra­na gel­je­ge alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak bol­sun!

Gülaýym Meredowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy. 

 

 

Ýene-de okaň

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Bitaraplyk – parahatçylygyň gözbaşy

“Hakyda göwheri” – milli mirasyň sarpasy

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri