JEMGYÝET

Arkadag şäheri Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň hil baýragyna mynasyp boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýerde Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de gurluşyklary dowam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda Arkadag şäheriniň döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň taslamalary, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri we onuň çäklerinde önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylarynyň görnüşleri bar.

Hormatly Arkadagymyz görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, bezegleriniň görnüşleri bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we düzedişlerini girizdi.

Iş maslahatynyň barşynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalar üçin kesgitlenen ýer bölekleri, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ol Arkadag şäheriniň gurluşygynyň Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyna mynasyp bolandygyny guwanç bilen habar berdi we türkmen halkynyň Milli Liderine degişli baýragy kabul etmek we bu ugur boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmaga hormatly Prezidentimizden rugsat soramak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Binýat bolan döwründen bäri täze şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we degişli diplomlara mynasyp bolmagy bu ýerde ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine, halkara görkezijilere laýyk gelýändiginiň, Arkadag şäherinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanmagy ugrunda tagalla edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri degişli derejede dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow final tutluşygyna çykar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Eýran-IRU: özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

BAE-niň ilçisi: BAE Türkmenistanyň iň uly dördünji söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary üçin! Wengriýanyň uniwersitetleri üçin gerekli resminamalar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýyň uniwersitetleri üçin gerekli resminamalar

Aşgabatda ITTC-2024 halkara maslahaty we sergi geçirilýär

Ata Watan Eserleri