JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna garaldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda görkezilen maksatlaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşyldy.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň we olaryň çözülmegine Türkmenistanyň goşandynyň ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler

Ata Watan Eserleri

27-nji awgustdaky howa maglumaty

Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşy

vepa