BILIM

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

Şu günler Gyrgyz Respublikasynda Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň rektorlary hem gatnaşýar.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet kabulhanasynda Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumy geçirildi. Onda Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministrli Dordurkul Kendirbaýewa çykyş edip, uniwersitetleriň innowasiýalaryň hem-de durnukly ösüşiň merkezi bolmalydygyny belledi.

Forumyň plenar mejlisinde Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň rektorlary ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ylym we işewürligiň integrasiýasy ýaly ugurlarda özara pikir alyşýarlar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde sebitiň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamalara gol çekilmegi, şeýle hem forumyň jemleýki jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri