DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar onuň çäginde guralan «EKSPO-zenan telekeçiligi 2024» sergisi bilen tanyşdylar.

Dialogyň «Merkezi Aziýa sebit ýurtlarynda innowator zenanlar durmuş-ykdysady ösüşiň tizlendirijisi hökmünde» atly maslahatynyň dowamynda zenanlaryň başlangyçlaryna we telekeçiligine goldaw bermek boýunça milli tejribeler barada çykyşlar diňlenildi.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylda Dialoga Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginiň dowamynda alnyp barlan işler we öňde durýan wezipeler barada maslahatlaşmalar boldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda zenanlaryň dürli ugurlarda döredijilikli zähmet çekmekleri we täzeçil başlangyçlaryny amala aşyrmaklary üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler barada, şeýle hem maslahatyň gün tertibi boýunça çykyş etdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji resminamasy kabul edildi. Maslahata gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda 2025-nji ýylda Dialoga Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegini we jemleýji resminamada bellenilen wezipeleriň geljekde durmuşa geçirilmeginde meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmagyny goldadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi

Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar