BIZNES

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi