Halkara “Türkmentel” sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew “Huawei” kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça AKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Duşuşykda maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Huawei” kompaniýasynyň wekili Türkmenistana MKT pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan uly gyzyklanmasyny bildirdi. Allen Tang “Huawei” kompaniýasynyň diňe bir telekommunikasiýa enjamlary üpjün etmän, eýsem sanly özgertmeleriň innowasiýa kompaniýasy hökmünde tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilen täze çözgütleri işläp taýýarlamak babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, “Huawei” kompaniýasynda bilim we barlag amallaryna aýratyn üns berilýär.
Allen Tang kompaniýanyň Türkmenistanda MKT pudagyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýändigini we MKT akademiýalaryny döretmek hem-de öňdebaryjy çözgütleri, şol sanda “Smart Classroom 3.0” ornaşdyrmak boýunça goldaw bermäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem, onuň aýtmagyna görä, “Seeds for the Future” atly global başlangyç esasynda talyplara emeli aň, bulut tehnologiýalary ýaly öňdebaryjy tehnologiýalary öwretmek üçin möhüm gural bolup durýar we ol Türkmenistany bu maksatnama has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Öz gezeginde, Azat Ataýew hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň uludygyny we şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň “Huawei Connect 2024” atly halkara sergä we maslahata gatnaşmak üçin Şanhaý şäherine amala aşyran iş saparynyň ýokary netijä beslenendigini belläp geçdi. Bu saparyň dowamynda MKT bilimi babatynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy we bilimde emeli aňy ulanmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açyldy.