JEMGYÝET

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir guramaçylyk wezipelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly,  hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewi çagyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Begenç Goçmollaýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy. 

Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Gurbanowyň üstüne ýüklenildi. 

Begenç Goçmollaýew 2022-nji ýylda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenipdi we ozal söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinde işläpdi. 

Ýene-de okaň

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy

Birol Güwen: Türk dünýäsi bilen bilelikdäki filmleri surata düşürmek taslamamyz bar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly başlady

Ata Watan Eserleri