BILIM

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça eksport müdiri hanym Sara Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda hanym Çiji Beýik Britaniýanyň Gazagystanda we Özbegistanda ýokary bilim ulgamynda gazanan netijeli tejribesi bilen paýlaşdy. Ol Westminster uniwersiteti ýaly birnäçe britan uniwersitetleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ýokary bilim ulgamynda bilim hyzmatlaryny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Orta bilimde türkmen bilim edaralaryny akkreditasiýa etmek arkaly bilim hyzmatlaryny hödürlemek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hanym Çiji bu hereketleriň goňşy ýurtlarda nähili üstünlikli durmuşa geçirilendigini giňişleýin gürrüň berdi.

Mundan başga-da, hanym Çiji indiki ýylyň başynda Türkmen-iňlis söwda we senagat geňeşiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we onuň çäklerinde bilim meseleleriniň hem ara alnyp maslahatlaşylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Şeýle hem, hormatly myhman Beýik Britaniýanyň her ýylyň maý aýynda Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degişli has jikme-jik gepleşikleriň geçirilmegine isleg bildirýändigini belläp geçdi.

Azat Ataýew öz gezeginde, agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlaryna gyzyklanma bildirip, bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatda başlangyçlaryň goldanylýandygyny mälim etdi. Bu özara hyzmatdaşlygyň tapgyrlaýyn we yzygiderli amala aşyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Taraplar bu ugurda ilkinji ädim hökmünde bilelikdäki webinarlary guramagyň mümkinçiliklerine garalmagyny ylalaşdylar. Bu webinarlar, Beýik Britaniýanyň bilim ülňülerini, akkreditasiýa we ygtyýarnama almak bilen bagly hereketleriň toplumyny, şeýle hem hiliň barlagy tejribesini jikme-jik öwrenmäge gönükdiriler.

Ataýew bu seminarlaryň, soňlugy bilen giňişleýin öwrenilmäge degişli britan bilim ulgamy babatda anyk meseleleri ýüze çykarmaga ýardam etjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem, maý aýyna çenli agzalan hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň her biriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin, tapgyrlaýyn hyzmatdaşlygy has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar

“TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak maslahatlaşyldy

MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-oktýabr: türkmen okuwçylary we talyplar halkara olimpiadalarda 813 medal gazandy

“QS World University Rankings 2025”: dünýäniň öňdebayrjy uniwersitetleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri