SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, halkymyzyň geçmişdäki beýik şahsyýetleriniň, akyldarlarynyň, söz ussatlarynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny, gymmatly edebi mirasyny öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar.

Agzybirligiň, parahatçylygyň ilçisi hökmünde Magtymgulynyň baý döredijilik mirasy yklymlaryň we döwürleriň çäklerinden çykyp, dünýäde giňden öwrenilýär. Şeýlelikde, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilen we dowam etdirilýän möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, film görkezilişleri we sahna oýunlary, edebi agşamlar we bäsleşikler giň gerime eýe boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmekde, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir.

Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, dokuz döwletiň Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forum şahyryň ýubileýiniň dünýä derejesinde bellenilýändigini aýdyň alamatlandyrdy.

Beýik şahyryň dünýäde artýan at-owazasy, abraý-mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara giňişlikdäki köpugurly tagallalarynyň netijesidir. Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiz beýik şahyrymyza bagyşlap, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny döretdi we hut şu goşgy ýubileý ýylynyň adyny-şygaryny kesgitledi. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde örän çuňňur many bar. Bu kämil şygyrda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi pähim-paýhas ummanyna deňelip, çuňňur manyly eserleriniň ynsan kalbynda hemişelik galýandygy, paýhasly pikirleriniň bolsa ählumumy ähmiýeti açylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ilersinde, ajaýyp Köpetdagyň eteginde döredilen Magtymguly Pyragy seýilgähi türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun tutýar. Bu ajaýyp seýilgähde doganlyk halklaryň şahyrdyr ýazyjylarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir» diýen dürdäne setirlerinde belleýşi ýaly, biz hem akyldar şahyrymyzyň goşgularyny türkmen dilinde hem-de daşary ýurt dillerinde öwrenýäris. Akyldar şahyr Watany söýmegi, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamagy mukaddes borç hasaplapdyr.

 Berkarar döwletiň kämil şahsyýetini kemala getirmekde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti uludyr.  Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň «Türkmeniň», «Ýeli Gürgeniň», «Hasar dagyndadyr», «Çowdur han», «Depe nedir, düz nedir», «Öňi-ardy bilinmez», «Başy gerekdir», «Döker bolduk ýaşymyz», «Gözlär men», «Ajap eýýam gelmedi», «Islärin», «Aýrylma» ýaly goşgularynda Watan duýgusy, mertlik, gahrymançylyk ýaly asylly häsiýetler açylyp görkezilýär. Şahyryň «Türkmeniň» goşgusynyň:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýen setirlerinde arzuwlanylan bir suprada jem bolan halkyň agzybirligi, bitewüligi beýan edilýär.

 Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy şahyra goýulýan hormat-sarpanyň bütin Ýer ýüzünde örän ýokarydygyny äleme aýan etdi.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň durmuşymyza berk ornaşandygynyň, deňsiz-taýsyzdygynyň mysalyny näçe getirseň getirip oturmaly. Ol şygyrlarda geçmişimiziň ýaňy, geljegimiziň daňy şöhlelenýär. Akyldar şahyrymyz özüniň döredijilik dünýäsinde durmuşyň hemme ugurlaryna ýüzlenýär. Watançylyk temasy bolsa söz ussadynyň döredijiliginiň özenini düzýär. Onuň «Äleme belgilidir» diýen goşgusynda:

Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr —

diýen baý many-mazmunly setirler bar. Bu jümleler göbek ganyň daman, doglan, önüp-ösen ýeriňi sanlyja sözüň içinde beýgeltmekligiň, ýagny Watanyňy arşa götermekligiň nusgalyk görnüşidir.

Beýik şahsyýetleriň abraý‑mertebesini has-da belende götermekde nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz ýüreklerimiziň töründen çykýar.

Aýtaç Ataýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri