Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän ýylynda türkmen topragynda tutulýan toýlar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýy bu gün dünýäniň toýuna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri bolan, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, hökümet agzalarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köp sanly alymlaryň, diplomatlaryň, medeniýet we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda paýtagt şäherimizde ýokary derejede geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum bu hakykaty ýene bir ýola subut etdi.
Forumyň çäklerinde daşary döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna döredilen ýubileý medalyna mynasyp bolmagy, döwlet ýolbaşçylarynyň geçiren gepleşikleri, gazanylan ylalaşyklar, medeni çäreler akyldar şahyryň arzuwlan ajap eýýamynda berkarar ýurdumyzyň halklary dost-doganlyga, parahatçylyga, ynsanperwerlige we agzybirlige çagyrýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde gyzyklanma döredýändiginiň aýdyň beýany bolup şöhlelendi.
Hormatly Prezidentimiz halkara forumda eden taryhy çykyşynda: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr» diýip belledi. Şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserleri diňe bir türkmen halky däl, dünýä halklary tarapyndan hem söýlüp okalýar. Çünki dana akyldaryň parahatçylyga, dost-doganlyga, ynsanperwerlige, adalatlylyga çagyrýan şygyrlary dünýä halklary üçin hem bahasyz baýlykdyr. Onuň döredijiligi dünýä edebiýatyny hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Dünýäniň meşhur ýazyjy-şahyrlary, kompozitorlary, heýkeltaraşlary, suratkeşleri tarapyndan dana Pyragynyň ömri we döredijiligi, baý edebi mirasy hakynda köp-köp eserler döredi, aýdymlar ýazyldy, portretler çekilip, heýkeller ýasaldy.
Dana akyldaryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bu abraýly gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýylyň dowamynda dünýäniň ençeme ýurdunda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler, ylmy-amaly maslahatlar, forumlar geçirildi, şahyryň hormatyna dikeldilen heýkelleriň açylyş dabaralary bolup geçdi. Elbetde, bularyň ählisi abraýly halkara guramalar we dünýä halklary tarapyndan türkmeniň akyldar şahyrynyň baý edebi mirasyna goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň belentdiginiň alamaty.
Magtymguly Pyragy türkmen halkyna mahsus beýik häsiýetleriň ählisini özünde jemlän şahyr. Öz halkynyň we umuman, adamzadyň ykbalyna dahylly ýagşy öwüt-ündewler toplumyny miras galdyran ussat. Magtymguly pire ýakynlaşan ynsan hemişe döwlet tapýar. Magtymguly bilen baglanyşyk bagt bilen sazlaşykdyr. Hut şonuň üçinem Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragyny ylmy esasda öwrenmäge aýratyn uly üns berýär. Munuň şeýdilmegi, aslynda, ähli halklar, kowumlar, milletler üçin deň derejede ähmiýetlidir, hemmelere bähbitlidir.
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy ― parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum, hormatly Prezidentimiziň bu forumdaky çuňňur many-mazmunly çykyşy, Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň aklyňy haýran edýän pähimli setirleri, akyldar şahyrymyzyň ylmy-edebi mirasynyň öwrenilişi, dünýäde wagyz edilişi babatda alnyp barylýan uly işler hem Magtymgulynyň, hem türkmen halkynyň abraý-mertebesini deň derejede belende göterýär.
Şeýlelikde, halklary dost-doganlyga çagyran nusgawy şahyryň edebi mirasy häzirki döwürde-de özara medeni gatnaşyklara ýardam berip, ony öwrenmek hem-de ýaýratmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barha çuňlaşdyrylýar, okgunly işjeňleşdirilýär. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä halklary tarapyndan sarpalanýandygyny, öwrenilýändigini alamatlandyrýar.
Gülaýym Meredowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk kafedrasynyň mugallymy.