JEMGYÝET

Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň forumy geçiriler

 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. «Grand Hyatt Abu-Dabi Pearl» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu foruma Türkmenistanyň baýlyk bazasynyň ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler barada pikir alyşmak maksady bilen, Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşar. Iki günläp dowam etjek forum aýratyn ugurlar boýunça bölümlere bölünip geçiriler.

 Energetika, himiýa senagaty, ulag we logistika, gurluşyk hem-de önümçilik ýaly möhüm taslamalar gözden geçiriljek forum maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlary öz içine alar.

«Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Related posts

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistan Güney Kore’de Bahar Festivaline katıldı

vepa