SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow 29-njy noýabrda final tutluşygyna çykar

«Professional Fighters League» (PFL) ýaryşynyň final tutluşyklary 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Saud Arabystanyda geçiriler. Şol gün türkmen türgeni, söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradow hem final tutluşygyna çykar.

«Professional Fighters League» (PFL) ýaryşynyň guramaçylary bilen Saud Arabystanynyň sport ministrligi hem-de Garyşyk söweş sungaty federasiýasy final tutluşyklaryny Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirmek babatda ylalaşdy.

Bu tutluşyklar ABŞ-da “EPSN+” platformasynda göni ýaýlymda alnyp berler.

Agyr, ýarym agyr, ýarym orta, ýeňil, ýarym ýeňil we zenanlaryň arasynda türgenler 1 million dollarlyk pul baýragy hem-de 2024-nji ýylyň çempiony diýen hormatly at üçin bäsleşerler.

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow şol gün Impa Kasanganaý bilen bäsleşer. Türkmen türgeniniň garşydaşy Impa Kasanganaý amerikaly türgen bolup, Demoktarik Kongo Respublikasyndan Amerika göçüp gelen maşgalanyň agzasydyr.

Döwletjan Ýagşymyradow şu ýylyň 17-nji awgustynda «Professional Fighters League» (PFL) ýaryşynyň çäklerinde awstraliýaly Rob Uilkinsony ýeňlişe sezewar edipdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy