JEMGYÝET

San Fransisko şäherinde “Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” çäresi geçirildi

Dünýäniň tehnologiýa merkezleriniň biri bolan Kaliforniýanyň San Fransisko şäherinde “Central Eurasia @ Silicon Valley 2024” ady bilen ylmy maslahat we startup kompaniýalarynyň sergisi geçirildi. “Ata Watan media” toparynyň wekili hem bu çärä gatnaşdy.

Merkezi Ýewrasiýa sebitinden startup kompanýalary, maýa goýujylar we IT hünärmenleri Silikon jülgesiniň meşhur tehnologiýa ekoulgamy bilen baglanyşmak maksady bilen geçirilýän bu möhüm çärede Merkezi Aziýadan we Ýewrasiýadan 100-den gowrak startup kompaniýasy gatnaşdy.

Çärä sebitiň innowasiýa mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, maglumat alyş-berşi wagyz etmek we ykdysady ösüşi ilerletmek ugrunda öz öňünde goýýar. Çärä gatnaşyjylar täze iş mümkinçilikleri we hyzmatdaşlyk üçin meýilnamalar bilen doly tanyşdylar we birnäçe möhüm duşuşyklar geçirdiler.

Çäräniň açylyş dabarasyna Kazakystanyň Sanly, innowasiýalar we kosmos ministri Žaslan Madiýew, “Coursera” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Maggionkalda, “Unshackled Ventures” kompaniýasynyň esaslandyryjy hyzmatdaşlygy Nitin Paçisia, “Glean” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Arwind Jain, “McKinsey & Company” kompaniýasynyň ýokary maslahat berijisi Aleks Dang we birnäçe dünýä belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Çäräniň gurnaýjysy Asset Abdualiyev, “Silkroad Innovation Hub”-nyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy, “Ata Watan Media” toparyna ýörite interwýu berdi. Ol indiki ýyl geçiriljek çärede türkmen startup kompaniýalarynyň gatnaşmagyny arzuw edýändigini belledi.

Çärede startup esaslandyryjylary arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, startup kompaniýalarynyň ýolbaşçylary maýadarlar bilen duşuşup, 1 minutlyk wagtyň içinde öz startuplaryna maýa goýmagyň amatlyklary barada çykyş etdiler. Ýeňijilere dürli baýraklar gowşuryldy.

Çärede palaw, somsa, gutap ýaly sebite degişli dürli tagamlaryň söwdasy hem gurnaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi