DÜNÝÄ

Lukaşenko prezidentlige dalaşgär bolar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada degişli çözgüt Belarus Respublikasynyň Milli geňeşiniň wekiller palatasynyň mejlisinde kabul edildi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna özüniň dalaşgärligini hödürlejekdigini belledi.

– Hawa, dalaşgär bolaryn – diýip, Lukaşenko Russiýanyň “Rossiýa-1” teleýaýlymynyň alypbaryjysy Olga Skabaýewanyň sowalyna beren jogabynda belläp geçdi.

BRIKS sammitiniň çäklerinde Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Russiýanyň “Rossiýa-1” teleýaýlymynyň sowallaryna jogap berdi.

Lukaşenko saýlawlaryň gününiň 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda bellenmegine hem kanagatlanma bildirdi.

Related posts

3 ýylda 1 milliard bag ekiler

Russiýanyň iň güýçli adamynyň rekordy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji türkmen-bangladeş syýasy geňeşmeler geçirildi