BILIM

Tokionyň mekdep okuwçylary Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň we Ýaponiýanyň “Çagalar daşary ýurtlar bilen tanyşýarlar” maksatnamasynyň bilelikde guramagynda Tokio şäheriniň mekdep okuwçylary üçin Türkmenistany tanyşdyrýan medeni çäre geçirildi.

Bu çäräniň dowamynda ýurdumyzyň taryhy, geografiýasy, medeniýeti barada okuw sapaklary geçirildi, milli aýdym-sazlary we tanslary ýerine ýetirildi hem-de milli mirasymyzy tanyşdyrýan sergi guraldy. Hususan-da, okuw sapaklarynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüňler berildi.

Agzalan çärä Tokionyň Akaşi orta okuw mekdebiniň başlangyç synp okuwçylary we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

Related posts

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady

1-nji synp okuwçylara «Bilimli» noutbuklary sowgat berler

2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna arza kabul edilýär