Depginli ösüşleri özüne hemra hem maksat edinen häzirki eşretli zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada edilýän uly aladany ynsanperwerligiň ajaýyp nusgasy bilen deň hatarda döwlet ösüşiniň aýratyn möhüm ugry hökmünde kabul edip bolar. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Ilatyň sagdyn bolup, yhlasly zähmetiň joşup gaýnan ýerinde ýurduň baýlygy artýar. Şol sebäpli ynsan saglygynyň berkden berk bolmagy ugrunda welaýatymyzyň ak ýektaýly lukmanlary irginsiz zähmet çekýärler.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri goýup, «Il saglygy ýurt baýlygy!» diýen şygara beslenýän beýik işleri durmuşa geçirýär. «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we ornaşdyrmak, adamyň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak babatdaky işler döwlet syýasatynda ileri tutulýan orny eýeleýär. Milli Liderimiziň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleri dünýä jemgyýetçiliginiň iri halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň uly gyzyklanmasyna we ýokary bahasyna eýe bolýar.
Halkyň saglygy baradaky alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan asylly maksatlara gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda saglygy goraýyş halkara ülňüleriniň derejesine ýetirildi. Döwletimiziň esasy baýlygy hasaplanýan halkyň saglygy we milletiň geljegi baradaky alada ileri tutulmagynda galýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatynyň bu esasy ýörelgesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň täzeden düýpgöter özgerdilmegine badalga beren «Saglyk» döwlet maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Saglygy goraýşyň dürli ugurlaryny ösdürmek boýunça ýurdumyzda günüň-gününe ýokary derejede we ulgamlaýyn esasda giň gerimli çäreleri durmuşa geçirmek, sagaldyş hem-de bejeriş edaralarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn we röwşen geljegi nazarlaýan döwletli işleri amala aşyrmak döwletimiziň esasy we baş wezipeleriniň biridir.
Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek boýunça giň gerimli işleriň ýola goýulmagy, saglyk ähmiýetli tebigy ýer-suw serişdelerimizi peýdalanmagyň çäklerinde, bejeriji ähmiýetli tebigy zolaklarda şypahanalary gurmak, öňki bar bolanlarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler eýýämden özüniň miwelerini berýär.
Ýurdumyzda ýaňy-ýkynda bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslendi. Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, şeýle-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan täze, kaşaň, owadan binalary buýsanç bilen synlap durşuňa, olaryň halkymyzyň durmuşynda saglyk gönezligini emele getirjekdigi baradaky ýakymly pikirlere berilýärsiň. Saglyk — ömür dowamaty. Bu binalarda alnyp baryljak işlerem ynsan saglygynyň — durmuşyň gözelliginiň goragynda bolar.
Saglyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek, keselleriň öňüni almak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmak, lukmançylyk tejribesine täze anyklaýyş we bejeriş usullaryny ornaşdyrmak ýaly işler ilata halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Gahryman Arkadagymyz Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda bu barada: «Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär» diýen sözleri bolsa il-ýurt bähbitli, geljegimiziň röwşenligini nazarlaýan şeýle işleriň dowamly boljakdygyna ynamymyzy berkidýär.
Biz milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşmegine, halkyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen asylly başlangyçlary we döwletli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.